Il ýalkawy ileri

23 Noýabr 2022
68

Halkymyzyň milli aňyýetiniň çuňluklaryna aralaşyp, ynsanperwerlik düşünjesiniň türkmen döräp, onuň emer-damaryna ornan häsiýetdigine göz ýetirmek kyn däl. Bu häsiýet Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan gadymy taryhymyzyň bütin dowamynda milletiň milli aýratynlygynyň aýrylmaz şahasy hökmünde arzylanylyp gelen gymmatlykdyr. Ýurdumyzyň häzirkizaman şertlerinde dünýä taryhynyň genji-hazynasyna goşan gymmatly başlangyçlary bilen bir hatarda ynsanperwerlik düşünjesi hem has baý many-mazmuna eýe boldy. Çünki Gahryman Arkadagymyz ynsanperwerlik düşünjesini dünýä nusgalyk derejä götermek bilen, ähladamzat gymmatlygynyň hatarynda Arşa galdyrdy.

Aslyýetinde, bu düşünjäniň aňyrsynda ynsanyýete bolan beýik söýginiň durandygy inkär edip bolmajak hakykatdyr. Hut şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde ulus-ilimize ýolbaşçylyk eden ýyllarynda başyny tutan beýik işleri milletine, dünýä halklaryna, bütin ynsanyýete bolan sönmez söýgüden gözbaş alýar. Munuň şeýledigine bolsa Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde halkymyzyň, ähli halklaryň bagtyýar we eşretli ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk we tutumly işleriniň mysalynda has magat göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinde gol çeken bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky taryhy Permanyndan başlap, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli beýleki pudaklaryny tapgyrlaýyn ösdürmeklige bagyşlanylan resminamalary, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklyga gönükdirilen tutumly işleri, ähli milletleriň wekilleriniň eşretli durmuşda ýaşamaklaryny nazarlaýan taryhy başlangyçlary ynsanyýete bolan beýik söýgüde jemlenýär.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.