Guwandyryjy görkezijiler bilen

23 Noýabr 2022
85

Tamamlanyp barýan şanly ýyly uly üstünliklere beslemeklige, ösüşleriň täze belentliklerini abraý bilen eýelemeklige gönükdirilen joşgunly zähmet gowşamaýan depginde dowam edýär. Bu il-ýurt bähbitli işe welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň agzybir we başarjaň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň geçen on aýynda ýokary maliýe-ykdysady görkezijileri gazanyldy.

Ýylyň geçen döwründe öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 18168,5 million manada barabar boldy. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi, has takygy, 71,8 göterimi nebitgaz toplumynyň kärhanalaryna degişli boldy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta senagat kärhanalarynyň öndüren önümleriniň möçberleriniň artyş depginleriniň himiýa, ýangyç, ýeňil, gurluşyk materiallary we azyk senagatlarynyň kärhanalarynda emele gelendigi bellärliklidir. Hususan-da, elektrik energiýasyny (64,5 göterim), nah matalary (41,5 göterim), nah ýüplükleri (25,4 göterim), sementi (14,5 göterim) öndürmekde has düýpli ösüşler üpjün edildi.

Mämmet GYLYJOW.