Jahana ýaýylýar sungatyň güýji

23 Noýabr 2022
76

Baky Bitaraplygymyzyň barha ýakynlaşyp gelýän 27 ýyllyk şanly baýramy eýýämden halkara çärelerine beslenýär. Geçen hepdede gadymy Daşoguz topragynda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly türkmen Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň eçilenlerini sungatyň güýji bilen jahana ýaýdy.

Turuwbaşdan bellenilmeli bir hakykat bar: ol hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzda geçirilýän halkara festiwallaryň we beýleki çäreleriň ýurdumyzyň sebitlerine çenli ýaýraýanlygyndadyr. Eger oktýabr aýynda Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal geçirilen bolsa, soňky iki aýyň içinde welaýat merkezimizde ýapon sungatynyň naýbaşy eserleri bilen özboluşly festiwallaryň ikisi guraldy. Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň Daşoguz topragynda geçirilmegi bolsa bu asylly däbiň mynasyp dowamyna öwrüldi.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz. Türkmenabat — Daşoguz — Türkmenabat.