Tebigy mirasymyzyň sarpasy

23 Noýabr 2022
97

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň täsinliklere baý ajaýyp künjeklerini giňden öwrenmek hem-de şol gözellikleri geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen tebigy we taryhy ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin tutumly işler alnyp barylýar.

Hut şu mynasybetli geçen hepdede Türkmenabat şäherinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Lebap welaýat häkimliginiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Köýtendag türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir» atly maslahat geçirildi. Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparyndan, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden, jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller, bilim, medeniýet ulgamlarynyň hünärmenleri, döwlet tebigy goraghanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Mahym ROZYÝEWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.