Gadyry-da bar, gymmaty-da

23 Noýabr 2022
76

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykýan dürdäne eserler gyzgyny bilen halkymyza ýetirilýär we ulus-ilimiz tarapyndan söýlüp okalýar. Ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrülýän ol eserler çeperçiligi babatda-da, taryhylygy nukdaýnazardan hem, ylmy-ensiklopedik gymmaty boýunça-da milli edebiýatymyzyň nusgawy genji-hazynasy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär.

Şu ýerde aýratyn bir nygtalmaly zat bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde milletimiziň milli buýsanjy, belent mertebesi hökmünde arzylanylýan gadymy gymmatlyklarymyzyň wasp edilýänligidir. Ýurdumyzyň uç-gyraksyz sähra-düzlerinde, jeňňeldir tokaýlyklarynda, dagdyr derelerinde bitýän müň bir derdiň dowasy bolan dermanlyk ösümlikler hem arzylanylýan milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Hut şeýle bolansoň Gahryman Arkadagymyz türkmen tebigatynyň eçilen bu bahasyz baýlygynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny gazanmak maksady bilen ýurdumyzyň çäklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň ählisi baradaky gymmatly maglumatlary öz ýiti zehininden syzylyp çykan ensiklopedik topluma girizmek boýunça tutumly iş alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyna baran bu döwletli işiniň netijesinde biz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik toplumyň on dördünji jildini elimize aldyk.

Gözel BARATOWA,
Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.