Gu­wan­jy­myz — Ar­ka­da­gy­myz, buý­san­jy­myz — Wa­ta­ny­myz

23 Noýabr 2022
89

Watan

Dost-dogana uzaýan ýollaryňda badyň bar,
Bütin dünýä ýüzünde şöhratyň bar, şadyň bar,
At-abraýly mertebäň pederlerden ýadygär,
Gül açýar gülzarlyklaň, bossanlaryň çemenzar,
Taňryň sylan mekany topragyňda kerem bar.
Geçmişiň hem şu günüň soňlanmaz dessan, Watan!
Dereleriň-düzleriň, gülleriň bossan, Watan!