Täzelikler

30 Sentýabr 2022
111

Türkmenabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň mejlisler zalynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda şu ýylyň 23-nji sentýabrynda  hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçen Döwlet  Maslahatynda garalan meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa  lukmanlar,  jemgyýetçilik guramalarynyň  hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Döwlet Maslahatynda kabul edilen çözgütleriň, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrunda kesgitlenilen wajyp wezipeleriň ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Ýurdumyzda  ilatyň saglygy, parahat, asuda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz aladalary üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden  sagbolsun aýtdylar.