Harmanlar barha beýgelýär

30 Sentýabr 2022
129

Welaýatymyzyň hojalyklarynda pagta ýygymy barha giň gerime eýe bolýar. Şu döwre çenli Watanyň uly harmanyna lebaply pagtaçylardan 84 müň tonna golaý «ak altyn» gelip gowuşdy. Soňky bir günde taýýarlanylan hasyl 4 müň tonna golaýlady.

Hormatly Prezidentimiz daýhanlary hemmetaraplaýyn goldaýar, olar üçin dürli ýeňillikleri döredýär. Tabşyrylýan oba hojalyk önümleri üçin döwletiň satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýer eýelerini has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Pagta ýygymynda Kerki etrabynyň hasyl ussatlary öňde barýarlar. Olar üstümizdäki ýylda Watana 21,5 müň tonna pagta tabşyrmak ugrunda göreşýärler. Şu döwre çenli şu görkeziji 9,7 müň tonnadan hem aşdy. Etrap boýunça her günde gymmatly çig malyň 370 tonna golaýy taýýarlanylýar. Ýygymda pagta ýygýan kombaýnlaryň 20-den gowragynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Bu bolsa ýygymyň depginini ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Ýygymda guramamyzyň agzalarynyň ýokary işjeňlik görkezýändigi aýratyn guwandyrýar. Biz öz gezegimizde möwsümiň öňdebaryjylaryny höweslendirip durýarys.

Gunça PIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň müdiri, baş buhgalteri.