«Türkmenabat —1» birinji orna mynasyp boldy

30 Sentýabr 2022
120

2010—2011-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda futbol boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky geçirilen ýaryş welaýatymyzda dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan sportuň bu görnüşi bilen çynlakaý meşgullanýan ýaşlaryň ýetişip gelýändigine, olara ýokary derejede tälim berýän tälimçileriň uly toparynyň bardygyna şaýatlyk etdi. Duşuşyklara Türkmenabat şäherinden we etraplardan toparlaryň 13-si gatnaşdy. Birinjilige dalaş edýänleriň sanynyň köpdügi ýaryşlaryň öran çekeleşikli geçmegini şertlendirdi.

Toparlar dört toparça bölünip, duşuşyklar aýlaw görnüşinde geçirildi. Netijede «Türkmenabat — 1», «Türkmenabat — 2», «Köpetdag — Lebap» we «Kerki» toparlary öňe saýlandylar. Ýarym final duşuşygynda «Türkmenabat —1» «Kerki» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykyp,  finala çykdy. «Köpetdag— Lebap» bolsa «Türkmenabat — 2» topary 3:1 hasabynda utdy. «Türkmenabat —1» final duşuşygynda «Köpetdag— Lebap» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, birinji orna we welaýatyň futbol federasiýasynyň kubogyna mynasyp boldy. «Köpetdag— Lebabyň» ikinji orny gazanan ýaryşynda deň utuk toplan «Kerki» we «Türkmenabat — 2» toparlary bolsa üçünji orny eýelediler.

Döwlet GELDIÝEW.