Gurmak — döwletlilikden nyşan

29 Sentýabr 2022
89

Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Bu möhüm işe gatnaşýanlaryň arasynda Zergeriň «Demirbetonönümleri» zawodynyň başarjaň we ruhubelent işgärleri hem bar. Olar diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini netijeli alyp barýarlar. Zawod boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda üstümizdäki ýylyň 8 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 102 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şonuň netijesinde bagtyýar maşgalalar üçin kaşaň we ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy guruldy. Olaryň arasynda welaýat merkezimiziň 6-njy gurluşyk materiallary zawodynyň 4-nji kwartalynyň çäginde polisiýa işgärleri üçin gurlan 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si bar. Golaýda bu buýsandyryjy sanawa beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenabat Halkara howa menziline barýan awtomobil ýoluň ugrunda gurlan kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 30-sy goşuldy. Olar ähli amatlylyklary özünde jemleýän 2 gatly, 5 otagly jaýlardyr. Gurluşykçylar häzirki günlerde welaýat merkezimizde we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasynyň gurluşyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.

Kärhanada bagtyýar ildeşlerimiz üçin gurulýan binalaryň hil meselesi mydama üns merkezinde saklanylýar. Munuň özi binagärlere edilýän esasy talaplaryň biridir. Kärhanada ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýän kämil kuwwatlylyklar hereket edýär. Olarda her ýylda demir-beton önümleriniň 50 müň kub metrini öndürmek mümkindir.

Gunça ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.