«Farap awtoýollary» gümrük nokadynda döwrebap programma işe girizildi

29 Sentýabr 2022
102

Türkmenistan ― Özbegistan serhedinde ýerleşýän «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda Halkara gümrük üstaşyr ulgamy boýunça daşalýan harytlar barada gümrük edaralaryna deslapky maglumatlary bermek üçin TIR-EPD programmasy işe girizildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu programmanyň ýurdumyzyň gümrük talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklady. Häzirki wagtda ondan alnan maglumatlar «Farap awtoýollary» gümrük nokadyndan başga-da, «Artyk», «Sarahs» (ikisi hem Türkmenistan ― Eýran serhedinde), «Parom geçelgesi» (Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda), «Garabogaz» (Türkmenistan ― Gazagystan serhedinde) gümrük nokatlarynda kabul edilýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.