Täze awtomenzil ýolagçylaryň hyzmatynda

29 Sentýabr 2022
85

24-nji sentýabrda dabaraly açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenabat şäherindäki döwrebap awtomenzil ýolagçylara hyzmat etmäge girişdi. «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi 11-lik belgili şäheriçi awtobus gatnawynyň bu menziliň üsti bilen amala aşyrylmagyny ýola goýdy.

Şeýle hem häzirki wagtda şäherara we welaýatara awtobus gatnawlarynyň ählisi täze awtomenzilden amala aşyrylýar. Menzilde döredilen mümkinçiliklerden ýolagçylar hoşal.

Möwlam HAÝYTGULYÝEW,
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmeni.