Düşündiriş işleri — netijeli

29 Sentýabr 2022
72

Ýurdumyzda ulaglaryň dürli görnüşleriniň sanynyň ýylsaýyn artmagy ilatly ýerlerde, şäherara ýollarda hereketiň ýygjamlaşmagyna getirdi. Bu bolsa, öz gezeginde, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine, sürüjileriň we pyýadalaryň birek-birege hormat goýmagyna edilýän talaplaryň doly we dogry berjaý edilmegine ünsi güýçlendirmek meselesini hem orta atdy. Şonuň üçin hem adamlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini bilmeklerini we olary berjaý etmeklerini gazanmak, ýol hereketine gatnaşyjylaryň medeniýetini ýokarlandyrmak esasy wezipeler bolup durýar.

Bölümçämiziň işgärleri edaralarda, kärhanalarda, mekdeplerde bolup, düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Soňky aýlaryň dowamynda bolsa wagyz-nesihat we düşündiriş işlerinde häzirkizaman aragatnaşyk serişdelerinden ýerlikli peýdalanýarys. Biz mundan beýläk hem olardan, şonuň ýaly-da metbugatyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýarys. Gullugymyzyň işgärleri metbugatda, radioda we telewideniýede çykyş etmeklerini dowam etdirýärler. Olarda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň netijesinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna raýatlarymyzyň ünsi çekilýär.

Namaz GAPUROW,
Köýtendag etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň kapitany.