Resmi habarlar gysga setirlerde

29 Sentýabr 2022
82

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Hormatly Prezidentimiz şanly sene mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşýandygy hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Watanymyzyň energiýa serişdelerini çykarmak we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady.