Täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhy

28 Sentýabr 2022
59

27-nji sentýabrda türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna esasy dabaralar köpsanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylan Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy.