Milli mukaddesligiň belent sarpasy

28 Sentýabr 2022
70

27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýarlar. Ýadygärlik toplumynyň ýanynda Hormat garawuly nyzama düzüldi.