Garaşsyzlyk — göwünleriň ganaty

28 Sentýabr 2022
103

Öňňin Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatymyzyň çar künjegini aýdym-sazly dabaralar gurşap aldy.

Ir säher bilen Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylyş dabarasy boldy. Bu ýerde edilen çykyşlarda asuda, parahat Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen alnyp barylýan beýik işler belentden wasp edildi. Dabaranyň dowamy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de bagtyýar çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Mahym ROZYÝEWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.