Ýaş maşgalalaryň durmuş kepilligine goşant

28 Sentýabr 2022
69

Makalalarda, özara gürrüňdeşliklerde «Taryhy gün» düşünjesini kän ulanýarys. Eýsem, şol taryhy günlere göwünlere ganat berýän wakalaryň näçesi sygýar? Biri ýa ikisimi? Köp bolsa, üçüsi diýeliň. Ýöne şu ýylyň 23-nji sentýabryny, sözüň doly manysynda, taryhy güne öwren wakalaryň gysgaça sanawyna bir serediň: Döwlet Maslahaty, ondan soň geçirilen Hökümet mejlisi, Arkadagly Serdarymyzyň gol çeken resminamalary bilen ildeşlerimiziň ýüzlerçesiniň döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolmagy, döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň yglan edilmegi, baş baýramymyz mynasybetli ozal iş kesilenleriň uly toparynyň günäsiniň geçilip, ýüzlerçe maşgalada täzeden umyt alawynyň ýakylmagy, bir müňden gowrak adama ýurdumyzyň raýatynyň pasportynyň berilmegi ýa-da olara ýaşamaga ygtyýarnamalaryň gowşurylmagy, Ýaponiýadan täze awtobuslaryň 1250 sanysynyň getirilmegi barada başlangyjyň ilkinji ädimi, oba hojalyk ulgamyny ösdürmegiň, daýhanlary höweslendirmegiň täze gadamy we ýaş maşgalalara berilýän kömek pulunyň üç esseden hem gowrak artdyrylmagy. Biz taryhy günüň gowulyklarynyň diňe esasylaryny mysal getirdik.

Şol gün, gör, näçe ýüzlerçe watandaşymyz Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşyny diňlemek bagtyna eýe boldy; şol gün ýüzlerçe ykbal çeken zähmetiniň miwesini görüp, ojaklarynda baýrak toýuny, sylag toýuny tutdy; şol gün ýüzlerçe çaga bir säwlik bilen ýolundan azaşan, ýöne Arkadagly Serdarymyzyň sahawaty bilen ojagyna gowşan Hossaryny gujaklady; şol gün ýüzlerçe adam Türkmenistanyň raýaty bolmak ýaly juda köpimiziň adaty zatdyr öýdýän beýik bagtymyzyň eýesi boldy; şol gün ähli watandaşlarymyzyň ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň mümkinçilikleriň has artdyryljakdygy baradaky hoş habaryň ýakymyna beslendi; şol gün geljekde durmuş gurjak müňlerçe ýaş ýürekden Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri çogup çykdy. Şol gün... Bu şol günleriň öňi bar-da, yzy ýok. Özi hem şunça «şol gün» ajaýyp döwrümiziň, şanly ýylyň ýekeje gününe ýerleşdi. 24-nji sentýabryň eýýäm başga «şol günleri» bar.

Agageldi ITALMAZOW, ýörite habarçymyz.