Biziň gözümiz öwrenişen zatlarymyzyň köpüsi, aslynda, elýetmez bagtdyr. Şolaryň hatarynda raýatlyk bagtyny hem görkezip bolar. Eger geçen şenbede Türkmenabat şäher häkimliginde geçirilen dabara gatnaşan bolsaňyz, bu bagta eýe bolanlaryň gözlerindäki şatlyga, ýüregindäki tolgunma siz hem şaýat bolansyňyz. Ömründe ilkinji gezek Türkmenistanyň raýatlyk pasportyna eýe bolmak olar üçin baş baýramymyzyň iň ajaýyp sowgadyna öwrüldi.
Bu çäre hormatly Prezidentimiziň 23-nji sentýabrda gol çeken taryhy resminamalaryny durmuşa geçirmek, şeýlelikde, ojaklara şatlyk paýlamak maksady bilen geçirildi. Resminamalara laýyklykda ildeşlerimiziň birnäçesine raýatlyk pasportlary gowşurylyp, ýene birnäçesine Türkmenistanda ýaşamaga hukuk berýän ygtyýarnamalar berildi. Dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.