Türkmen ili Geňeş bilen toýa barýar

21 Sentýabr 2022
65

Ertir — 23-nji sentýabrda ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ähmiýetli çäre — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Dabaraly maslahat geçiriler. Maslahata eziz Diýarymyzyň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylary bilen bir hatarda gadymy Lebap topragynyň bagtyýar zähmetkeşleri hem taýýarlykly geldiler. Olar Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgünden maslahatyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşarlar.

Uly toýlaryň bosagasynda il-gün bilen geňeş etmek pederlerimiziň gadymy däpleriniň biri. Bu däbe Garaşsyzlyk ýyllarynda hem eýerilýär. Ýurdumyzda il-gün bolup edilýän maslahatlaryň ornunyň we mertebesiniň soňky ýyllarda has belende göterilendigini aýratyn nygtamak gerek. Esasy Kanunymyza üýtgeşmeler girizilip, Halk Maslahaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki şahasynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu guramanyň işine kämillik bilen ýolbaşçylyk edýär.