Täzelikler

21 Sentýabr 2022
219

80 müň tonna golaý suwuklandyrylan gaz. «Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň agzybir işgärleri şu ýylyň geçen sekiz aýynda şonça önümi öndürmegiň hötdesinden geldiler. Şonda bu baradaky meýilnama 108,8 göterim berjaý edildi. Munuň özi olaryň ýetip gelýän şanly baýrama ― Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyna mynasyp zähmet sowgady boldy.

Gazanylan uly üstünlikde müdirligiň Naýypdaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynyň hünärmenleriniň uly zähmet paýy bar. Olar tarapyndan geçen döwürde gymmatly önümiň 70 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bagajadaky toplumda bolsa önümi öndürmek baradaky meýilnama 107 göterim berjaý edildi. Şonda sarp edijilere ugradylan harytlyk önüm 9,6 müň tonnadan gowrak boldy. Müdirligiň desgalar toplumlarynda öndürilýän suwuklandyrylan gazyň aglaba bölegi eksporta ugradylýar. Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe bu görkeziji 78 müň tonna golaý boldy.