Maglumatlar welaýatymyzyň ätiýaçlandyryş guramalarynyň hökmany we meýletin ätiýaçlandyrmalary resmileşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň gowy netije berýändigini görkezýär. Olara şu ýylyň başyndan bäri geçirilen ätiýaçlandyryş tölegleri 6 million 150,3 müň manada barabar boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9,6 göterim köpdür.
Hasabat döwründe ätiýaçlandyryş tölegleriniň esasy bölegi (59,9 göterim) hökmany ätiýaçlandyrma boýunça geçirildi. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, meýletin emläk ätiýaçlandyrmasy boýunça tölegler 26,8 meýletin şahsy ätiýaçlandyrma boýunça 8,7 hökmany ätiýaçlandyrma tölegleri boýunça 3,7 göterim köpeldi.