"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@online.tm

Habarlar

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meretdurdy Baýmyradowiç Abdyllaýew Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň işewür toparlaryň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Täzelikler

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli Saýat etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde «Garaşsyzlyk — göwünleriň ganaty» diýen at bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada çykyş eden kitaphana işgärleri, etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçylary Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen gazanylan üstünlikler barada buýsançly gürrüň etdiler. Çagalaryň ýerine ýetiren gysgajyk sahnalarynda, aýdym-sazlarynda, okan goşgularynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitler wasp edildi. Çärede çagalaryň arasynda el hünärleri boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy. Bu ýerde çagalaryň taýýarlan el işleriniň sergisi hem guraldy.

Bereketli pellerde zähmet gaýnap joşýar

Etrabymyzyň «Bereket» daýhan birleşiginiň pagtaçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, yhlasly zähmet çekýärler. Gymmatly hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işinde aýry-aýry ýer eýeleri işjeňlik we ýokary başarnyk görkezýärler. Olaryň birnäçesi eýýäm birinji ýygymda hojalyk bilen pagta taýýarlamak barada baglaşan şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etdi. Şeýle ussatlaryň biri-de Muhammet Batyrowdyr. Ol şu ýyl bir gektar meýdana gowaça ekip, bol hasyly ösdürip ýetişdirdi. Janypkeş daýhan borçnama laýyklykda Watanyň uly harmanyna 4,2 tonna pagta tabşyrmalydy. Onuň döwlet terezisinden geçiren hasyly eýýäm 4780 kilograma ýetdi. Ýagşymyrat Jumaýew, Jora Çaryýew, Şemşat Joraýewa ýaly ezber daýhanlar hem meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edip, beýik Garaşsyzlyk baýramymyzy mynasyp sowgatly garşylaýarlar. Daýhan birleşiginde ýokarda atlary agzalan ussatlaryň göreldesine eýerýänleriň sany barha artýar. Hojalygyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy zähmet adamlaryny has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Guramada agzalaryň 2,1 müňden gowragy bolup, olaryň aglabasy kärendeçilerdir. Ýer eýeleri hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän ýadawsyz aladalaryndan ruhlanyp, maksada okgunly işleýärler.

Möhüm çärelere işjeň gatnaşýarys

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny gorap saklamak, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýollarymyzda ulaglaryň hereketiniň howpsuz guralmagyny, ilatyň ömrüniň rahat bolmagyny gazanmaga ýakyndan ýardam edýär. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça taýsyz tagallalary edýändiklerini bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzyň sebitlerinde ähli amatlylyklary bolan awtoulag ýollary, köprüler, ýerasty geçelgeler guralýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýolyşyklarynyň we ýol hereketine degişli belgileriň goýulmagy sürüjilere, pyýadalara howpsuz hereket etmäge amatly şertleri döredýär. Ýol hereketiniň howpsuz bolmagy üçin sürüjileriň, pyýadalaryň üstüne uly jogapkärçiligiň düşýändigini bellemek artykmaçlyk hem etmez. Kerki garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň harby gullukçylary bolup, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda harby bölümlerde hem-de harby edaralarda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunç

Türkmen halky Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslaryny berkidip, beýik geljege tarap ynamly öňe barýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, täzeçil başlangyçlary öňe sürüp, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi depginli ösdürmekde, ösüşiň täze tapgyrynda syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, ýurdumyzyň durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda, täze taryhy döwürde mähriban Watanymyzyň keşbiniň tanalmaz derejä ýetmegini üpjün edýän oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgelere laýyklykda ýaşuly nesle hormat goýmakda, ýaşlary Watana söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlary bilen Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, täze döwrüň oýlanyşykly ýörelgesini dowam edip, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünini berkitmekde bitiren hyzmatlary, Watanymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli, maksada okgunly işleri üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýramçylygy mynas

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!Gadyrly myhmanlar!Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine

Sizi baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde üstünlikleri arzuw edýärin. Gadyrly medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleri!

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Ykdysady taýdan ýokary netijeleri gazanýan berkarar Watanymyz Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir guwandyryjy wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň we bagtyýar durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ýokary üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, dost-doganlyk, parahatçylyk kadalaryna esaslanýan hoşniýetli, bitaraplyk daşary syýasaty bilen halkara derejesinde uly abraý gazanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besläp, ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýar. Geçen otuz iki ýylda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar beýik işler amala aşyryldy. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, raýatlarynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini çeper şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. ***

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlarymyzyň öň ýanynda günäsini geçýäris, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň soňky döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan oňyn döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, köpugurly hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Täzelik

Türkmenabat şäherindäki «Ak Pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde lukmançylyk pamygyny we pamyk serişdelerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Fabrigiň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde ýurdumyzyň ýüplük egriji fabrikleriniň nah galyndylary ulanylýar. «Ak Pamykda» şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda pamyk önümleriniň 1 müň 885 tonnasy öndürilip, 5 million 109 müň 196 manatlyk iş edildi. Degişli döwürde taýýar önümleriň 1 müň 105 tonnasy, pul hasabynda bolsa 3 million 476 müň 591 manatlygy eksport edildi.

Ak ýollardaky abraýly işler

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi düýpli ösüşlere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap awtomobil ýollar gurlup, edara-kärhanalar kuwwatly ulaglar bilen üpjün edilýär. Şeýle üns-aladany biz hem ýakyndan duýýarys. Gelip gowuşýan tehnikalary abat saklamak we netijeli peýdalanmak arkaly umumy üstünlige mynasyp goşant goşulýar. Biz müdirligimiziň welaýatymyzyň çar ýanynda ýerleşýän gaz känleri we önümçilik desgalary üçin zerur ýükleri daşamak, gaz geçirijileri abatlamak ýaly işleri ýerine ýetirýäris. Munuň üçin kärhanamyzda dürli kysymly tehnikalaryň 320-ä golaýynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Möhüm işlerde ussat sürüjilerimizden Gurbandurdy Mämiýew, Maksat Annakgaýew, mehanizator Baýrammämet Hojaýew dagy ýokary işjeňlik görkezýär. Olar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan bäsleşikde öňdeligi eýelediler. Biz yhlasly zähmet çekip, kärdeşlerine gowy görelde görkezýän agzalarymyzy höweslendirip durýarys. Şeýle çemeleşme olaryň arasynda zähmet joşgunyny döredýär.

Türkmenistan ― bagtyýar çagalygyň ýurdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan çagalar hakynda edýän aladalary dünýä nusgalykdyr. Şonuň netijesinde iň gowy zatlar göz-guwanjymyz bolan çagalarymyza bagyşlanýar. Gurulýan kaşaň, ylmyň-tehnikanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary, sport mekdepleri, dynç alyş sagaldyş merkezleri çagalaryň hyzmatynda. Gahryman Arkadagymyz köp çagaly maşgalalary, howandarlyga mätäç çagalary hossarlyk aladalary bilen gurşap alýar. Şeýle taýsyz tagallalaryň netijesinde eziz Diýarymyz çagalaryň iň süýji arzuwlarynyň amala aşýan ýurduna öwrüldi. Biziň etrabymyzyň ilaty hem eziz Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýar. Olarda döwlet derejesinde öz perzentleri hakynda edilýän aladalar çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Ine, hut täze okuw ýylynyň ilkinji gününde hem birinji synpa baran okuwçylaryň 1171-sine hormatly Prezidentimiziň gymmatly sowgady ― täze noutbuklar sowgat berildi. Mundan başga-da biziň guramamyz tarapyndan olara okuw esbaplary gowşuryldy. Şeýle il bähbitli işe birleşmämiziň edara-kärhanalardaky ilkinji guramalary hem ýakyndan gatnaşýarlar.