Dost-doganlyk owazlary belentden ýaňlandy

26 Noýabr 2022
116

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri düýn Mary welaýatynda dowam etdi. Iki doganlyk halkyň medeniýetini we sungatyny ýakynlaşdyran bu çäre Halkara Bitaraplyk gününiň bosagasynda ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolýan medeni diplomatiýanyň ýene bir netijeli ädimine öwrüldi.

Medeniýet günlerine gatnaşmaga gelen täjigistanly myhmanlar ir säher bilen Mary şäheriniň howa menzilinde hormat bilen garşylandy. Günüň ikinji ýarymynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda täjigistanly myhmanlaryň, teatryň artistleriniň we ýerli aýdymçylardyr tansçylaryň bilelikdäki gala konserte taýýarlyklary ýaýbaňlandyryldy. Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri özara pikir alyşdylar. Dilleriniň aýratynlygy jadyly sungatyň hemmelere düşnükli dilinde edilen söhbetde sungat ussatlaryna päsgelçilik döretmedi.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».