Möhüm ugurdaky döwletli işler

26 Noýabr 2022
91

Ýurdumyz bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk uzak ýyllardan bäri dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki resmi sapary we onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar, gepleşikler, «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahaty hem-de gol çekilen resminamalar iki dostlukly ýurduň taryhynda täze sahypany açdy. Ikitaraplaýyn gepleşiklerde ykdysadyýetiň dürli ugry bilen birlikde ýangyç-energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýangyç-energetika pudagy häzirki günde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bolup, iki ýurt hem bu babatda uly kuwwata eýedir.

Hormatly Prezidentimiz işewürlik maslahatynda eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýe bolan ýurt bolmak bilen bir hatarda «ýaşyl» energetikany hem ösdürmäge çalyşýandygyny belläp, ýöriteleşdirilen IRENA guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça tagallalarymyzy goldandygy üçin, BAE-niň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda ýurdumyzda gibrid elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna gol çekilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň BAE-niň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy nygtaldy.

Geldimyrat MEREDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.