Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

25 Noýabr 2022
266

Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, “ak altyn” hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, şeýle hem welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda bugdaý ekişiniň tamamlanandygy, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýändigi, bu işde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýandygy barada habar berdi. 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk alnyp barylýar.