Durmuş abadançylygy — ileri tutulýan baş ugur

25 Noýabr 2022
109

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Biz beýik işleriň, döwrebap özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilýän zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Watanymyzyň ýeten belent derejesi Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde durmuşa geçirilen giň gerimli işler bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde garalan meseleler hem halkymyzyň abadan durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Guwançmyrat AGAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasatybaradaky komitetiniň başlygy.