Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: Ygtybarly hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze tapgyr

25 Noýabr 2022
99

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda taryhy, medeni babatda köp umumylyklara eýe bolan arap dünýäsiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Arap dünýäsindäki ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hem Birleşen Arap Emirlikleridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji noýabrda bu döwlete amala aşyran ilkinji resmi sapary diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 27 ýylda iki dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça toplanan taryhy tejribäni seljermäge hem-de ony täze belentliklere çykarmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Dünýäde her bir halk özygtyýarly, erkin ýaşamaga, köpmilletli dünýä maşgalasynda öz ornuny tapmaga çalyşýar. Bu babatda Merkezi Aziýa sebitindäki bedew bady bilen ösýän, öz milli ösüş ýoly bilen dünýäni haýrana goýýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Ýakyn Gündogarda ýerleşen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ençeme meňzeşlikler göze ilýär. Ol, ilkinji nobatda, garaşsyz ösüş ýoluna 20 ýyl aratapawut bilen düşen bu iki döwletiň öz milli ösüş ýoluny gözlemegidir. Ikinjiden, aglaba bölegini çöl gurşaýan, bir ýanyny bolsa deňze ýanaýan bu iki ýurduň şol çölüň astyndaky we kenar ýalpaklygyndaky hazynaly humy — nebitdir gazy işläp bejerip, ondan gelýän girdejiniň esasynda öz ýurtlaryny jennetiň Ýerdäki parçasyna öwürmegidir. Üçünjiden, şol gudraty döretmek üçin dünýä bilen aýakdaş gidip, öňdebaryjy döwletleriň tejribesini desbi-dähel öz ýurtlaryna getirip ornaşdyrmagydyr, innowasion tehnologiýalara erk etmek üçin öz milli hünärmenlerini taýýarlamaga dessin girişmegidir. Dördünjiden, agzalan baýlyklardan gelýän girdejileriň döwletleriň ikisinde-de öz raýatlarynyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegidir.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory. Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat.