Sungatlaryň söhbedi

25 Noýabr 2022
119

Düýn paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýi köp adamly boldy. Bu ýerde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde dostlukly ýurduň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, fotosuratlarynyň sergisiniň guralmagy dostluk baýramynyň şatlygyny has-da artdyrdy.

Serginiň açylyşy täjik milli sazlarynyň astynda ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa gatnaşan myhmanlar muzeýiň giň eýwanynda täjik zenanlarynyň milli lybaslaryna, şeýle hem dostlukly ýurduň suratkeşleriniň eserlerine syn etdiler.

Guwanç MÄMIÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.