Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär

24 Noýabr 2022
686

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Häzirki wagtda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçjek bu möhüm çärä taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ak öý bu çäräniň nyşany boldy.

Ýurdumyzyň ilatynyň sany, demografik düzümi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky doly maglumaty almak ilat ýazuwynyň esasy maksadydyr. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň giň gerimli strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin zerurdyr. Çäräniň dowamynda toplanan maglumatlar durmuş ulgamy we ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin çaklamalar, uzak möhletleýin taslamalardyr maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda hasaba alnar. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

(TDH)