Sungat halklary ýakynlaşdyrýar

24 Noýabr 2022
119

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

AŞGABAT, 23-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli medeni çäre türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant bolar.