Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy: el işi sungatyny ösdürmekde tejribe alyşmak

24 Noýabr 2022
87

AŞGABAT, 23-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan wekiliň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň durmuşynda möhüm orny eýeleýän medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Çykyşyň dowamynda el işi sungatynyň aýratynlyklary, zenanlara goýulýan hormat, olaryň hukuklaryny goramak, döwletiň syýasy, jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy, şeýle-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklar barada aýdyldy.