Abu-Dabi duşuşygy: gadymy hem gadyrly gatnaşyklaryň täze derejesi

24 Noýabr 2022
111

hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary barada söhbet

Gündogarda Oman aýlagynyň, günbatarda hem-de demirgazyk-günbatarda Pars aýlagynyň kenarýakasynyň ep-esli bölegini eýeläp, ýaýylyp ýatan Birleşen Arap Emirlikleri — Türkmenistanyň öňden gelýän dostlukly hyzmatdaş ýurdy. Bu hyzmatdaşlyk diplomatik gatnaşyklaryň arka atylan 27 ýylynda gazanylan baý tejribelere, bitirilen anyk işlere, durmuşa geçirilen iri taslamalara daýanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda, 21-22-nji noýabrda bu ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary gatnaşyklaryň çarhyna bat berjek sapardyr. Ýakyn Gündogary has-da ýakynlaşdyrjak sapardyr. Dünýe ýaşly türkmen halkynyň arap dünýäsi bilen gadymydan gadyrly gatnaşyklaryna has-da rowaçlyk bermegiň möhüm pursadydyr.

Kakamyrat REJEBOW.
«Türkmenistan». Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat.