BAE-niň metbugat sahypalarynda

24 Noýabr 2022
70

Birleşen Arap Emirlikleriniň iňlis dilinde neşir edilýän meşhur gazeti «Gulf News» ýurduň «Masdar» kompaniýasynyň Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa bazaryna girmegi bilen bagly makalany okyjylara ýetirdi. Onda türkmen-emirlikler işewürlik maslahatynyň çäklerinde gol çekilen degişli Ylalaşyga laýyklykda, «Abu Dhabi Future Energy Сompany (Masdar)» kompaniýasynyň Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanda umumy kuwwaty 100 MW bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek boýunça iş alnyp baryljakdygy bellenilýär. Makalada kompaniýanyň Baş ýerine ýetiriji direktory Mohammed Jamil Al Ramahiniň: «Biz gol çekilen Ylalaşygy makullaýarys we kuwwaty 100 MW bolan taslamanyň kompaniýamyzyň Türkmenistandaky köp sanly taslamalarynyň ilkinjisi boljakdygyna ynanýarys» diýen sözleri getirilýär.

«Türkmenistan»