Türkmen talyplarynyň halkara üstünligi

9 Noýabr 2022
238

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri özüniň oňyn netijesini berýär. Biz muňa ýurdumyzyň ýaşlarynyň döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarda gazanýan ýokary netijelerinden hem aýdyň göz ýetirýäris. Zehinli talyplardyr mekdep okuwçylary Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim almagy üçin döredýän giň mümkinçiliklerine, özleri hakda edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge, bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýarlar.

Ynha, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 4 — 6-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadada hem üstünlikli çykyş etdiler. Bu olimpiadada türkmen talyplary medallaryň 20-sine mynasyp bolmagy başardylar. Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşikde 16 medal gazanylyp, olaryň 7-si altyn, 6-sy kümüş, 3-si bolsa bürünç medallardyr. Şonuň ýaly-da, türkmenistanly talyplar toparlaýyn bäsleşikde 4 medala, ýagny 1 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular.

Allanur ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.