AŞGABAT, 5-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz türkmen döwletinde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýanwar — sentýabr aýlarynda amala aşyrylan we ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçleriň degişli düzümlerinde harby okuw-türgenleşik işlerine taýýarlyk, şol sanda guryýer, harby-howa we harby-deňiz goşunlarynda alnyp barylýan tälim beriş, türgenleşik çäreleriniň netijeleri barada hem hasabat berildi.