Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň taslamasyna garaldy

6 Oktýabr 2022
84

AHAL WELAÝATY, 5-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeri kesgitlenildi.

Hormatly Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerine iş saparlaryny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işler bilen ýerinde tanyşýar we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýär.

Beýleki habarlar