2022-nji ýylda Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň 60-dan gowragy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli gazetimiziň sahypalarynda diplomatik gatnaşyklaryň şanly senesi bellenilýän döwletleriň birnäçesiniň ýurdumyzdaky doly ygtyýarly wekilleri bilen taýýarlanan söhbetdeşlikleridir olaryň makalalaryny yzygiderli çap edip, okyjylara ýetirip gelýäris. Bu gün söz nobaty Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Turatbek JUNUŞALIÝEWE gelip ýetdi. Diplomat türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynda toplanan tejribe barada beren sowallarymyza, ine, şeýle jogap berdi:
— Soňky 30 ýyldan bäri Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ozaldan gelýän arabaglanyşygy saklamakdan başlap, hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolan täze görnüşlerini kemala getirmäge çenli ýoly geçdi. Şol döwrüň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar işjeň ösdürildi we doganlyk halklarymyzyň bähbidine yzygiderli berkidilýär. Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýygjam hyzmatdaşlygyň ösüşine öz täsirini ýetirýän köp sanly şertler bar: biziň ýurtlarymyz bir geografik sebitde ýerleşýär, biziň umumy taryhymyz, medeniýetimiz, birmeňzeş mentalitetimiz, dil taýdan ýakynlygymyz bar. Biziň sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, ykdysady kooperasiýany çuňlaşdyrmak meseleleri babatdaky garaýyşlarymyzda-da meňzeşlikler bar. Şoňa görä-de, deňhukukly hyzmatdaşlykdan başga islendik syýasat iki döwletiň halklarynyň däp bolan gyzyklanmalaryna gabat hem gelmezdi.