Ýakyn dostlugyň nusgasy

6 Oktýabr 2022
91

Şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşmak üçin Ýaponiýa döwletine iş saparyny amala aşyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, gadyrly gatnaşyklaryň ýene-de bir mysalyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy, Premýer-ministri, Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Wekiller palatasynyň agzasy, bu dostlukly döwletiň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Olaryň dowamynda iki ýurduň halkara başlangyçlaryna, geljekki durmuş-ykdysady özgertmeler boýunça tekliplere seredildi.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy. Aşgabat — Tokio — Aşgabat.
Beýleki habarlar