Türkmen sportunyň täze galkynyşy

6 Oktýabr 2022
84

Sport halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýär, şonuň bilen birlikde, köpugurly oňyn hyzmatdaşlygy hem pugtalandyrýar. Türgenler agzybirlik bilen bäsleşip, ýeňiş gazanýarlar. Şol ýeňşiň mysalynda jebisligiň, agzybirligiň ähli üstünlikleriň kepilidigine düşünýärsiň. «Sport — parahatçylygyň ilçisi» diýen jümle hemmämize tanyşdyr. Şol meşhur jümle sportuň bitaraplyk ýörelgeleri bilen baglanyşygyna göz ýetirmäge kömek edýär.

Ýokarda aýdylanlar sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallardyr kubok ugrundaky ýaryşlardan ybarat däldigini subut edýär. Sport hem dostluk, hem jebislik, hem parahatçylyk. Ol, bir söz bilen aýdanyňda, durmuşyň ähli ugruny öz içine alýar. Sport bilen meşgullanýan adam sagdyn bolýar. Ol hormat münberine çykmak üçin köp okaýar, öwrenýär. Üstünlige ýetmek üçin ruhubelentlik, gujur-gaýratlylyk zerur. Munuň özi sportuň saglyk hem-de bilim bilen hem berk baglanyşyklydygyny tassyklaýar.

Gulmyrat AGAMYRADOW,
Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri.
Beýleki habarlar