Türkmen diýilýän dünýewi halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, haýyr-sahawatly, ýüze sylynýan döwletlilik bilen ýola düşdi, milli däp-dessurlaryna eýe boldy. Garaşsyzlygynyň 31 ýylynyň içinde derejeli döwletimiz ganat-perini ýetirip, ösüşiň şaýollaryna düşdi. Şeýle ýagdaýlarda türkmen aganyň ata-baba aýdýan hudawy sözi bardyr: «Ýoluň ak, işiň rowaç bolsun! Dal bedewleriň uly aýlawlara gitsin!».
Biziň halkymyz öten-geçen şahsyýetlerini, ata-babalaryny ýatlap, hormatlap, olaryň derejesini belende galdyryp bilýän halkdyr. Hormatly okyjym, ýurdumyzda bellenilýän Hatyra gününde, öz döwründe türkmeniň ýüzüniň tuwagy bolan halypalarymyň, görnükli şahsyýetleriň, mundan juda ir giden deň-duşlarymyň belent ruhuny tirsegine galdyrmagy niýet edindim. Şol maksat bilen, ömür ýollarymda olara bagyşlap ýazan goşgularymdan bir çemen bagladym-da, ony: «Uly desse aýdym» diýip atlandyrdym. Dogrusy, Kerim halypa aýtmyşlaýyn, olaryň her biri öz adyna zawuň eýesi, uly aýdymdy! Onda-da «Ýusup owgan» ýaly şirwana göterilen aýdymdy! Kerim Gurbannepesow, Nurmyrat Saryhanow, Mämmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow, Nury Halmämmedow... — heý, aýdym kemi barmy?! Neneň oňat: binýady halaldan tutulan berkarar döwletimiz, ata-baba ýurdumyz, Gahryman Arkadagly, Arkadagly Serdarly gül Watanymyz bu ägirtleri depesinde baýdak edip göterdi.