Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna döwlet derejesinde belent sarpa goýulýar. Muny her ýylyň oktýabr aýynyň 6-syna ýurt derejesinde bellenip geçilýän Hatyra gününiň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen hatyralanýarlar.
Türkmen halk parasadynda «Toýa garrama ýok» diýilýär. Bary-ýogy üç sözden ybarat bu jümlede dünýä ýaly giň many bar. Has takygy, bu aýtgyda gürrüň diňe toý hakynda däl-de, aýdylmadygam bolsa, ondan: «Toýa soň barsaňam bolar, sen ilki bilen merhumy hatyrala! (ýa-da başga bir gaýra goýup bolmajak iş ýüze çyksa, ilki bilen, şony bitir!)» diýen many aňlanylýar. Bu jümlede türkmen halkynyň nurana kalbynyň duýguçyllygy bar! Onda beýik Taňry söýen bu milletiň sahawatly ýüreginiň ýyly mähri bar!