Gurmak hem döretmek bagty

5 Oktýabr 2022
223

Ýakynda, has takygy, 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň, çapyksuwarlaryň zähmet we dynç alyş şertleri bilen tanyşmagy, olaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanmagy ýurdumyzda adam zähmetine, behişdi bedewlere goýulýan sarpanyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz türkmeniň milli buýsanjy bolan sap arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we terbiýelemek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn üns berýär. Geçmişde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de türkmen durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşmagy, «Garaşsyzlyk» atly gyr bedewe atlanyp, toplum bilen ugurdaş gurlan binalary we bu ýerden has aýdyň görünýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini synlamagy, bir tarapdan, ata-babalarymyzyň sungat derejesine ýetiren behişdi bedewlerine bolan buýsanja öwrülse, beýleki tarapdan, olara ideg etmegiň, seýislemegiň, mertebelemegiň göreldesidir.

Gülsere KUŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar