Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramynyň bosagasynda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap awtomenzilleriň açylyş dabaralarynyň geçirilendigi hemmämize mälimdir. Biri-birine kybapdaş binalar açylan gününden ilata hyzmat etmäge başlady. Muny Türkmenabat şäherindäki täze awtomenziliň mysalynda hem görýäris.
Bu gün Türkmenabadyň täze awtomenzili gözelligi, giň mümkinçilikleri, döwrebaplygy bilen gözüňi-de, göwnüňi-de dokundyrýar. Ol birbada awtobuslaryň 10-syny, taksi ulaglarynyň 112-sini kabul edip bilýär.