Lebap welaýaty: uly ösüşleri nazarlaýan maksatlar

21 Sentýabr 2022
88

Halkymyz garşy alýan her bir ýylyna mynasyp at dakmagy asylly däbe öwürdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyl ýurdumyzda täze döwrüň başlanan ýyly hökmünde taryha ýazylar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýoluny Arkadagly Serdarymyz mynasyp dowam etdirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni şan-şöhrata besleýär. Öňde belent maksatlar goýlup, uly işler bitirilýär. Täze döwrüň belent ruhy ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde, gündogar welaýaty hem gurşap alýar. Lebap welaýaty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyny uly zähmet joşguny bilen garşylaýar. Şeýle şatlykly günlerde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryha ýazylan pursatlaryna ser salmak ýakymlydyr.

Oba milli maksatnamasy: sanlar we maglumatlar

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar