Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

8 Awgust 2022
257

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Size «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylar.