Köpri gurmak — sogap iş

8 Awgust 2022
139

Amyderýanyň üstünden gurlan demir ýol we awtoulag köprüleri ýurdumyzyň ykdysadyýetine ägirt uly täsirini ýetirýär. Halkymyz hem indi birnäçe ýyl bäri ol köprüleriň hözirini görýär. Ol köprüler Amyderýanyň sag kenaryndaky tarp ýerleriň özleşdirilip, täze Döwletli etrabynyň döredilmeginde, Köýtendag sebitlerindäki dag-magdan baýlyklarynyň üstüni açyp, olary gaýtadan işläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Ýeri gelende aýtsak, Amyderýanyň üstünden gurlan Kerki — Kerkiçi aralygyndaky uzynlygy 1400 metre ýetýän demir ýol köprüsi şu güne çenli Jeýhunyň üstünden gurlan alty köpriniň ilkinjisi boldy. Köpri 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berildi. Bu demir ýol köprüsi Uzak Gündogar döwletlerinden Pars aýlagyna, Hazar deňziniň üsti bilen Kawkaza, Ýewropa, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ýük daşamakda iň ýakyn ýoluň ugrunda gurlan möhüm ähmiýetli desga bolup durýar. Ondan peýdalanýan ýurtlaryň sanynyň barha köpelmegi bu desganyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».