Gadymy sungatyň söhbedi

8 Awgust 2022
169

Ene-mamalarymyzyň baş bolmagynda törde ýazylan örülen gamşyň ýüzünde ajaýyp dünýäni döredýän gelin-gyzlaryň ellerinden dür döküler. On barmagyň gudraty bilen ak, gök, ýaşyl, gyzyl, sary... reňkli ýüňleriň özara «söhbedi» başlanar. Sozulan sümekleriň biri beýläk togalansa, beýlekisi onuň garşysynda eglener. Bogum-bogum edilip goýlan pişgeleriň-de düwni çözülip, töwerege uzap başlar.

«Nusgaly çyzyklaryma zeper ýetirmän ýöräweriň yzymdan!» diýip howatyrlanýan gyzyl sümege: «Çekýän nusgalaryň has owadan bolmagy üçin inçeläp barýan ýoluňa dolup gelýändiris. Gowusy, sen birneme gyssan, akly, saryly güller hem garama-garama ýetip gelýär. Olar golaý gelse, bize maý bermezler» diýip, gökdür ýaşyl ýüňler seslener.

Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».