Çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

6 Awgust 2022
165

Döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Balkan welaýaty, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.