Ösüşlere beslenýän ulgam

6 Awgust 2022
141

Berkarar döwletimiziň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Ulgam dünýä nusgalyk derejede ýylsaýyn belent sepgitlere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu wajyp pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmakda döwrebap işler amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň iýul aýynyň 20-sinde hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu täze kärhananyň tutuş Merkezi Aziýada ýeke-täk desgadygy has-da buýsançly hakykatdyr.

Ýeri gelende aýtsak, bu ulgamdaky ägirt uly ösüşler Balkan welaýatymyza hem gönüden-göni dahyllydyr. Diňe soňky on bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda dünýäniň ösen kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze «Awaza» döwlet elektrik stansiýasy gurlup, işe girizildi. Welaýat merkezindäki öňden hereket edip gelýän Balkanabat Döwlet elektrik stansiýasynyň düzüminde täze energobloklaryň hem birbada ikisiniň herekete girizilmegi netijesinde bu bekediň kuwwatlylygy düýpli artdy. Türkmenbaşy şäherindäki ýylylyk elektrik merkeziniň bölekleýin döwrebaplaşdyrylmagy bilen, tutuş welaýatda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri ep-esli artdy. Bular günbatar sebitiň geljekki durmuş-ykdysady ösüşlerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Çary TAÝLYÝEW,
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.